16+

Скоро день рождения

okuznetsov
13 Июн  (41)
kiriproh
13 Июн  (35)
Маргарита Василев...
13 Июн  (23)
Чужая
14 Июн
Whiskey
15 Июн  (67)
skeele
15 Июн  (47)
manu11
15 Июн  (44)
levious
15 Июн  (41)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Altyn we Kümüş

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Altyn bilen Kümüş

(gysgajyk gülkili sahna)

 

Oýna gatnaşýanlar:

 

1. H o j a m u h a m m e t  baý.

2. A ý s o l t a n—H o j a m u h a m m e t  baýyň aýaly (agramy 7-8 puta barabar—100 kilodan geçýän semiz aýal).

3. A l t y n  we  K ü m ü ş — H o j a m u h a m m e t  baýyň  we A ý s o l t a n y ň gyzlary (hersiniň agramlary 5-6 putdan geçýär).

4. O g r y l a r (30-35 ýaşly ýigitler).

4. Oba adamlary.

 

 

Waka orta asyrlarda türkmen obalarynyň birinde bolup geçýär

 

I-nji görnüş. O g r y l a r.

 

 

B i r i n j i  o g r y . Men indi şu günden beýläk Hakyň ýolundan ýörejek, kezzaplygymy taşlap, ak ýürekli boljak we halal gazanjyň ugruna çykjak.

I k i n j i  o g r y  (Ha-haýlap gülýär. Gülkisini zorluk bilen saklap, gülki gatyşykly sesi bilen ýoldaşyna ýüzlenýär). Waý, waý içim üzüldi. Senmi düzeljek?! Ha-ha-ha! Sen ogrylygy taşlasaň derýaň suwy tersine akar.

B i r i n j i  o g r y . Öten agşam uklap ýatyrkam gara basdy, hopugyp ukymdan oýandym.  Düýşümde atam: “Ömrüň ýarsyny biwazy ötüripsiň, belli-külli hünär edinmänsiň. Ili çürkäp gazanan haramyň süňňüňe ornap gidipdir. Haçan bu betha kesbiňden saplanyp, halallygy ýörelge edinjek?” diýdi.

I k i n j i  o g r y . Ha-ha-ha! Hany elleriňi görkez!  (B i r i n j i  o g r y göwünli-göwünsiz ellerini uzadýar. Onuň aýalaryny synlap durşuna.) Şu näzik elleriň bilen indi orak orar öýdýämiň ýa demir ýenjer öýdýämiň? Näme diýsene şepe! Ikimize özge ýollar ýapyk, diňe şunuň bilen gidäýmek galýar.

B i r i n j i  o g r y . Kakam pahyr ir ýogaldy, onuň  keşbi hakydama sähelçe salgym bolup gelýär, ejem pahyr bolsa meni on ýaşymda goýup gitdi. Ýetimlikden, horlukdan, kemsinmekden ýaňa gören günlerimi it görse gözi agarjak. Açlykdan ölmejek bolup, çagalykdan ogurlyga ýüz urdum,  gazanjyň başga ýoluny öwrenip bilmedim. Indiden beýläk alan zadymy eýesinden sorap aljak. (I k i n j i  o g r y  pyňkyrýar. ) Wah, gömülgi ýatan bir hazynaň üstünden barsam bu nälet siňen senedi şo gün taşlajak-la. Kakam janyň iň soňky sözlerini eşidip bilmän oýandym, belki ol dogry ýoluň maslahatyny bermekçi bolandyr.

I k i n j i  o g r y  (Gapdala). Ü-ü-ü. (Şumjaran bolup, gözleriniň ýaşyny süpüren bolýar. Ýoldaşyna ýüzlenip.)  Nä, meň ömür ýolum seňkiden oňat bolandyr öýdýämiň?  “Sorap aljak”. Onda, gedaýdan näme tapawudyň bar? Ýagşam bir iş etjek ekniň-ow! (Agzyny-burnyny gyşardyp, ýaňsy äheňde.) “Men bir garyp-pukara, gallaç galdym, lagar düşdim, çagalarym aç otyr. Baga bakyp oturan şujagaz öküzçäňizi alyp gidäýeýin!?” Şeý diýip gör! Ertesi oba at-owazaň ýaýrasyn. Ondan, arzuwyňy gizlinje amala aşyranyň gowy dälmi? Goý, müňkür bolsalar bolup geçsinler, tutulmasaň boldy-da. Wah tutylyp görendirin-le. Ýüzüme gara çekdiler, eşege ters mündirip, aýaklarymy onuň garnynyň aşagyndan geçirip daňdylar, guýrygyna-da şakyrdyk dakdylar. Eşek görgüli gaňňada ters oturyp, şakyrdyk çalyp barýana arwahdyr öýdüp,  zähresi ýarylan ýaly çapýandyr-a. Çapyp barşyna aňňyrýar we meni üstinden zyňjak bolup hyzzynlaýar, men hem aljyrap, onuň tüýünden ýapyşýan, eşek muňa hasam beter dälireýär, ana şonda bar imanyň göçýär. Obaň çagalary biziň yzymyzdan ylgap gelişlerine meni weýleýäler, eşege-de meçew berýäler. Entegem birinji sapar ele düşemsoň, elimi çapmadylar, şoňa-da şükür edýän.     ( B i r i n j i  o g r y n y  boýdan-başa  synlap durşuna.) Hä, näme dymdyň-la?! Ýeri bolýar, ogurlygy taşlamagy niýet edinen bolsaň, ýüregiňde beslän meýliňi synap göräý (Gapdala.) Hany göreli, seň bujagaz oýnuňdan näme netije çyarka. (Ikisi hem gidýärler.)

 

II-nji görnüş. Eginleri suw kädili iki sany oral aýal gelýär

 

B i r i n j i   a ý a l . A gyz, ho gün Aýsoltany görüp nebsim agyraýdy-da.

I k i n j i   a ý a l  (Ör-gökden gelip). Hä, näm bolupdyr?

B i r i n j i   a ý a l . Onuň semräýenini! Ullakan ganara aýak biten ýaly. On put-a bardyr. Üçünji eňegi sallanyp başlapdyr, ýeňsesinden duluklary görünýär.

I k i n j i   a ý a l . Golça-golça saryýag, hum-hum gowurdakdan doýan baý aýaldyr-da.

B i r i n j i   a ý a l . Onuň gyzlaram ejeleriniň yzyndan ýetip barýalar, wagtyndan öň garrajak olar. Otuz ýaşa ýetip barýalar, entegem durmuşa çykaranoklar, dulunda garratjakmyka olary. (Ötüp barýan I k i n j i  o g r y  gizlenip, aýallaryň gürrüňini diňleýär.) Altynlar-a bäş puta ýetendir.

I k i n j i   a ý a l . Kümüşem şonçarak bardyr. Aý, Hojamuhammet baý maşgalasyna guşuň süýdine çenli iýdirendir-le.

B i r i n j i   a ý a l . Diňe düýeleriniň sany müňden geçipmişin. (Ikisi hem gidýärler.)

 

 

III-nji görnüş. Ogrylar.

 

I k i n j i  o g r y . Hojamuhammet baýyň baýlygy ýere-göge syganokmyşyn, müňlerçe düýeleriniň sanynam bilenokmyşyn, diňe altyn-kümüşiniň özi on puta barypdyr.  

B i r i n j i  o g r y . Jypdyrmasa-naý!

I k i n j i  o g r y . Hudaý ursun! Öz gulaklarym bilen eşitdim. Gel, şu gije olaryň öýüni uraly!

B i r i n j i  o g r y . Ýok, halypa. Men indi haramy taşlajak, halal gazanjyň ugruna çykjak. Otuz ýaşadym, ne öýüm, ne-de öwzarym bar.  Ne maşgala tutundym, ne-de abraý gazandym. Şu günden şeýläk iliň hakyny iýmämi goýjak. Zerur bolsa sorap aljak, bolmasa gedaý gezäýjek.

I k i n j i  o g r y . Bolýar. Meň saňa haýyşym bar: şu gün iň soňky gezek ogurlyk edýäs, soň biziň ýollarymyz aýrylýar. Her kim öz ýoly bilen gitmeli edýäris.

B i r i n j i  o g r y . Men saňa düşnikli edip aýtdym-a.

I k i n j i  o g r y  (Çöküne düşüp ýalbarýar).  Birje gezek, iň soňy sapar.

B i r i n j i  o g r y  (Gaharly). “Ýok” diýdim-ä!

I k i n j i  o g r y  (Dikelip). Ýadyňa sal: Gurbanaly baýyň düýesini ogurlanymyzda, seni tutyp, gurruk guýa sallap goýupdyalr. Gije seni bendilikden boşadamda, şonda sen: “Hydyr ata kimin ýetişdiň. Sen indi meniň kyýamatlyk doganym. Men saňa ömür bergili, bu ýagşylygyňy ýerine salaryn” diýipdiň. Ana ýerine salsaň, tüýs aýny wagt-a geldi. Bu gije sen maňa ýaran bol. Düňk Düňk baba ýardam edip, herimize bir put altyn ýa kümüş nesip edäýgeý. Onsoň, galan ömrümize aýagymyzy ýokaryk galdyryp ýataýamyzda-da hor bolmarys.  

B i r i n j i  o g r y . Beren wadam ýadymda. Ýöne, seň talap edýän hemaýatyň haýyrly iş däl-dä.

I k i n j i  o g r y . Erkek adamyň sözi bir bolar, mert dur indi.

B i r i n j i  o g r y  (Ikirjiňlenip).  Ýeri bolýar...  Goý, bu iň soňky sapar bolsun, ýöne her kimiň alan oljasy özüne nesip etmelidir. (Gapdala.)  Maňa-ha kişiň maly derkar däl.

I k i n j i  o g r y . Ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! “Maňa az düşdi, saňa kän düşdi” diýip, dawa etjek adam däl men. (Ikisi hem gidýärler.)

 

 

 

 

IY-nji görnüş. Baý bezelen öýüň içinde A ý s o l t a n  gyzlary: A l t y n  we  K ü m ü ş  bilen bol nazy-nygmatly saçagyň başynda otyryp agşamlygyny iýip otyrlar.

 

 

A ý s o l t a n .  Wah balajyklam! (Gyzlaryny gezekli-gezegine ýaňaklaryndan ogşaýar.) Siziňem bagtyňyz açylyp, garamatyňyzy biriniň boýnyna atanyňyzy ölmänkäm görsem, bu ýalançy dünýäniň azabyndan dynanyma çigit ýaljagam gynanjak däl-le. (Gapdala.) Wah, bularyň atasynyň gözlerini köwlemeli, gelen sawça göwni ýetmän, şol yzyna gaýtardy oturdy, gaýtardy oturdy, indi bolsa maşgalasyndan habaram tutanok. (Hamsykýar.) Şol saçy kesilen gyrnagyň öýünden çykanok. Sakgalyna ak giripdir, utanç-haýasyny ýitiripdir, öz gyzlaryndanam ýaş. Hudaýa şükürler: kem zadymyz ýok, üstimize döküp dur, jany sag, başy dik bolsun-da, hernä. Ýöne men-ä gul-ig, garyp-pukara diýip, adam dannap durman, atalaryna sala sajagam däl indi. Gyzlarymyň bagtyna böwet bolman, kim gelse berip goýberjek. Meň çagalarymyň iliňkiden näme kemi barmyş, allanämeje, eýjejik maşagalalar. Galyňam sorap durjak däl. Käbir kişiler: “Daşyny dolasaňyz bolýa” diýen bolýarlar, ýog-eý zatlary gerek däl, ikisiniňem bukjalary hyryn-dykyn—on gyza ýetjek. (Daşardan ilki erkek adamyň üsgürýän, soň bolsa: “Öýde kim bar? Habarlaş!” diýen sesi eşidilýär.

A ý s o l t a n   (Oturan ýerinden oýkanjyrap, pessaý sesi bilen). Bu nä, Hanjar üýrmedi-le? (Gapa tarap gygyrýar.) Kim sen?

D a ş a r d a k y  e r k e k   a d a m y ň   s e s i . Ogry.

A ý s o l t a n . Ogly?! Kimiň? Baý aga öýde däl. Saňa kim gerek?  

D a ş a r d a k y  k y e r k e k   a d a m y ň   s e s i . Altyn-kümüş gerek.

A ý s o l t a n . Waý, gudraty güýçli Allajan meň nalyşymy eşidip, toba kylan günälerimi geçip, maňa rehimdarlyk nygmatyn seçjekdir. Eý, Biribar! Sen her bir haýyr işiň hemaýatçysyň! (Aýalaryny ýüzüne sylýar.) Altyn jan, Kümüş jan eşitdiňizmi? Bu Hydyr atanyň hut özi, öz elleri bilen bagtyňyzy özüňize gowşurjakdyr. (Gyzlar jogap bermän dymýarlar.) Saňa haýsysy gerek, Altynmy, Kümüşmi?

D a ş a r d a k y  k y e r k e k   a d a m y ň   s e s i . Bir put altyn

A ý s o l t a n . Bäş put bolsa, kän bormy?

D a ş a r d a k y k y  e r k e k   a d a m y ň   s e s i . Alty bolsa-da känlik edesi ýok. Biz ýolagçy, başga-da aýlanyp, salgyt ýygnamaly ýerlermiz bar.

 A ý s o l t a n  (Altynyň goltugyna girip). Altyn jan, ýör gyzym, seň bagtyň açylaýjak ýaly!       (A l t y n  garşylyk görkezjek bolýar. A ý s o l t a n sesine bat berýär.) Üst-başyňy düzedişdir!

A l t y n . Eje, men-ä utanýan... Kümüşi görkezäý...

A ý s o l t a n  (Hemleli). “Ýör” diýdim, ýör! Çalt bol! (Gapyny açyp, garşylyk görkezýän gyzyny daşaryk itekleýär. Gyzynyň yz ýany bilen özi hem daşary çykýar.)

 

Y-nji görnüş. A ý s o l t a n ,  A l t y n we O g r y l a r

 

 

I k i n j i  o g r y . Hany altyn?

A ý s o l t a n . Ynha ( A l t y n y  görkezip), Altyn jan, meň gyzym. (Ogrylar bir-biriniň ýüzlerine seredişip, aňk-taňk bolýarlar, aljyraýarlar.) Ýöne, ýagşy ýigitler, gelinligiňizi görmäge gelmänkäňiz ilki bilen ene-atalaryňyzy sawçylyga ibermeli ekeniňiz. Ertir ene-atalaryňyzy iberiň, ana şonda jogabyňyzy eşidersiňiz. (Gyzyny iteläp öýe salýar.)

B i r i n j i  o g r y  (Tolgunyp). Men-ä ýetim, öz göbegimi özüm kesäýmesem, ugryma çykjak ýok.

I k i n j i  o g r y . Men hem ýerden ýeke çykan. (Gapdala.) Aý, dostum, ikimizem müjerret ötmeli bolaýmasak.

B i r i n j i  o g r y . Gyzyňyz birazajyk deşlirägem bolsa, owadan ekeni. Meniň-ä sulhum aldy. (Gapdala.)  Bir göremde aşyk boldum öýdýän.

I k i n j i  o g r y  (Gapdala.) Gyz-a semizje bolsa-da, örän enaýyja ekeni. Meň nesibämdir bu, ýöne bu tentegem oňa göz gyzdyrýar. (Ýaranynyň golundan tutup, gyra çekilýär.) Sen näme üçin gelenimizi ýadyňdan çykardyňmy? Kelläňi ýitirme, aklyňa aýlan! Men hemme zady görüp durun. Biz kim, baýyň gyzy kim, eçilenjelerini alaly-da, şu taýdan çaltrak jyraly, gapylmakak.

B i r i n j i  o g r y . Men saňa beren wadamda tapyldym. Indi ikimiziň aramyzda hiç hili algy-bergi ýok, öňki gepleşişimiz ýaly, her kim öz ýoly bilen gidýär. Onda näme? Sen-ä—eýläk, menem—beýläk (Ýörejek bolup ýerinden gozganýar, ýaranynyň butnaman durşuny görüp, säginýär.) Ýör-dä, onda! 

I k i n j i  o g r y . Men-ä hakymy alman ýeke ädimem ätlejek däl. 

A ý s o l t a n . Ýigitler, dawaňyz näme?

 B i r i n j i  o g r y . Aý, hiç-le. Men muňa aýdýan: “Ertir geleli, ertire çenli belki daşkyrak garyndaşam bolsa öňümize düşürip getireli, türkmeniň ata-baba gelýän däp-dessuryny bozmaly, sawçy ibereli” diýýän welin...

I k i n j i  o g r y  (Gaharly, ýaranynyň sözüni bölýär). Sen ýaly ogr... (Säginýär.)   Ykmandaň  belli mekany bolmaz, hossar çykaýjak garyndaş hakda gürrüňem edip oturmaly däl.

B i r i n j i  o g r y . Kim ykmanda? Özüňden habar al! Seň mesgeniň barmy? Eliň pilli ekiniňe suw tutýaňmy ýa öride agyp-dönüp ýören dowaryň barmy? Öýlänligiňi tapmaň hylalla, ýene şyrdagyňy ters geýen bolýaň!

I k i n j i  o g r y . Eý, sen diýjek sözleriňi saldarlap geple! Seniňem bir... (Ýaranyna topulýar. Ikisi garpyşýarlar, ýere ýykylyp, basalaşýarlar.)

A ý s o l t a n  (Batly sesi bilen). Wa-aý! Il-gün ýetişeweriň-u!  Öldürýäler! (Ejesiniň gohuna öýden atylyp A l t y n  bilen  K ü m ü ş  ylgaşyp çykýarlar. A ý s o l t a n  özüni lampa aşak goýberýär.) Baryň ataňyzy turuzyň, ýogsa giýewsiz galýas! (A l t y n  ylgaşlap gidýär. K ü m ü ş ejesine tekge berýär. K ü m ü ş e  gözleri düşen O g r y l a r , üst-başlaryny kakyşdyryp, ýerlerinden turýarlar we gyza aňkaryp seredip duruşlaryna doňup galýarlar.)

 

YI-njy görnüş. A ý s o l t a n ,  H o j a m u h a m m e t  baý , A l t y n , K ü m ü ş, O g r y--   l a r we oba adamlary.

 

B i r i n j i  o g r y . Bäh, bu gyz nireden çykdaý?!

I k i n j i  o g r y . Bu-la ýaňkydanam gözel! 

B i r i n j i  o g r y . Bu kim? Kimiň gyzy?

A ý s o l t a n . Meň gyzym, Kümüş jan. ( O g r y l a r bir-biri bilen yşarat bilen düşünişýärler: başam barmaklaryny döşlerine dürtýärler, başam barmaklaryny süýem we orta barmakalrynyň arasyna salyp, bir-birine haýbat atýarlar. Altyn kakasynyň yzyna düşüp gelýär, obaň adamlary ýygnanýarlar.  Oba adamlary Näme boldy? Kimi öldürdiler? Kim ol ganhor? diýişýärler.) Adamlar bolan zat ýok, arkaýyn öýli-öýüňize gaýdyberiň! Ýaş oglanlardyr-da, bir sögüşerler, ertesi ýaraşarlar.)

H o j a m u h a m m e t  baý . Keýwany näme boldy?

A ý s o l t a n . Bolan zat ýok-la, ýaş ýigitler öz aralarynda oňuşman basalaşan boldylar, menem gorkyma seň yzyňdan iberdim.

H o j a m u h a m m e t  baý . Gijäň bir wagty?! Meniň howlymda?! Eý, ýeňiýoluklar, ýaňkalaşjak bolsaňyz meň gapymdan başga ýer tapmadyňyzmy?! Hany, göteriliň şu ýerden, yzyňyza it salmankam! (O g r y a l a r  ýaýdanyşyp, bir-birlerine garanjaklaşýarlar.)

B i r i n j i  o g r y . Baý aga! (Dyzyna çökýär. Oňa eýerip I k i n j i  o g r y hem dyzyna çökýär.)

Biziň günämizi geçiň! Dogrymyzy aýtsak, biz Siziň gyzlaryňyza aşyk bolduk... (A l t y n  bilen    K ü m ü ş  hasanaklaşyp öýe girýärler.) Haýsysyny saýlajagymyzy bilemzok. Ikimiziň aramyzdaky tutda-baslygam şol sebäpli.

I k i n j i  o g r y . Ikimizem boý oglan, ikimizem ýetim. Mätäçlik zerarly şu güne çenli ogurlyk edip günimizi gördük.

B i r i n j i  o g r y . Şu günden şeýläk bu bet kesbimizden el çekýäris. Indiden beýläk kesekiň malyna göz gyzdyrsak, goý biziň garagymyz gapylsyn, ellerimiz şel açsyn.

H o j a m u h a m m e t  baý . Eý ykmanadalar! Gotdy-gotdy gürlän bolýaňyz, entek meň gyzlarymyň siz ýala göwünleriniň ýetjegini bir bilýäňizmi? Meň öýsüz-öwzarsyz her bir ygyp ýörene berer ýaly üýşüp ýatan gyzym ýok. Baryň, güm boluň şu ýerden! Gaýdyp şu jelagaýda garaňyzy göräýmäýin! (Donunyň syýyny epläp, gitjek bolup yzyna öwrülende, A ý s o l t a n öňüne böwet bolýar.) Saňa näme gerek?  

A ý s o l t a n . Kakasy, meň bagrymy ýakanyň besdir, gyzlaň bagtymy bir ýatyrma. Gyzlaňam ýigitlerde göwünleri ýok däl. Ölmänkäm balajyklarymyň bagtly durmuşyny görsem, men senden razydyryn... (Şumjarýar.)

H o j a m u h a m m e t  baý . Aý, nätseň şeýtsene... Ýöne, gümürtik gürrüň çykaýmasyn! Hemme zat däp-dessur, kada-kanun bilen edilsin, bize-de abraý gerek. Eger gyşyk gürrüň eşidäýsem, üçüňiziňem boýnuňyzy soguryn. (Gidýär.)

A ý s o l t a n . (Içerik tarap ylgap barşyna, begenjine.) Altyn jan, Kümüş jan! Ataňyzdan rugsat aldym...(Öýe girýär. “O g r y l a r ” dyzlaryna çöküp oturyşyna, haýran galmak bilen daş-töweregine garaýarlar.)

 

Soňy

 

 

                                                                                                                                                             Kakajan Balkanow

                                                                                                                                                                           maý 2021 ý

 

 

Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!