Автор: Какаджан Балканов 0 | ||||
Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!
|
Опубликовано Какаджан Балканов в Сб, 20/02/2021 - 23:44
Rubagylar
1
Kyrkdan, elliden ötüp, ýetdim altmyşa,
Segsenem daş däl, baryp bolsa ýetmişe,
Birnäçe dostlam galdy duralgasynda,
Şükr edýän wagt-wagt, nazar salyp geçmişe.
2
Has öňe dyzasaň gaçarsyň gorpa,
Yza galsaň şam bolarsyň guş-gurda,
Orta gürpden gitmek namartlyk däldir
Ortataplyk ýaraşýandyr her merde.
3
Her kişiň hukugy—aýdyp, goýmakdyr,
Edebiň ýagşysy—doýman iýmekdir.
Diýýärler: adamyň esasy borjy,—
Ýamanlygy taşlap, ýagşa uýmakdyr.
4
Sypaýylar agzalany ýaraşdyr,
Bidöwlet emeldar uzak garaşdyr,
Paýhas jylawyny tutmasaň mäkäm,
Erkin pikirlilik ýoldan azaşdyr.
5
Ýagyşdan soň kirşen palçyga döndi.
Asylzada meslikden kilçige döndi.
Darwin mamlamy ýa ýok?—Ony bilemzok.
Mugthor soguljan ýüpek gurçuga döndi.
6
Eý, hyýaldaş! Geçmişi külterläp, gam oýuna gitmäli,
Ýa geljegiň gümürtik arzuwlar ummanynda ýitmäli,
Tijeneli dost! Biziň bu gün etmeli işlerimiz köp,
Iki jahan owarrasy deý, gaflat ukyda ýatmaly.
7
Entek jahylkaň hemme kişi söýerler,
Garraňsoň söýmesini goýarlar,
O dünýede diline berk bor ýaly
Eňegiňi mäkäm daňyp goýarlar.
Mart 2016
Döşi gaýşarýanlaň bary goçak däldir,
Guşak duşak däl, duşak hem guşak däldir,
Hemme erkekleriň “eşek” bolmaýşy deý,
Aýallaňam bary diňe “düşek” däldir.
2020 ý.
Kakajan Balkanow
|
|