16+

Скоро день рождения

okuznetsov
13 Июн  (41)
kiriproh
13 Июн  (35)
Маргарита Василев...
13 Июн  (23)
Чужая
14 Июн
Whiskey
15 Июн  (67)
skeele
15 Июн  (47)
manu11
15 Июн  (44)
levious
15 Июн  (41)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Şygyrlar çemeni 2020 ýyl (O O)

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



Şygyrlar çemeni

(O. O.)

                                                                  Çola çygryň jümmüşinde ýitmezim ýaly,

                                                                   Şygyr setirlerne düzzüm arzuw-hyýalym.

                                                                      Ýazan boldum, şahyrlyga ýetişmesem hem,

                                                                               Dostum, meni ýatlarsyň diýp käwagt, kätaýym.

 

Sergeý Ýesenin (“Dostuma”)

 

Dünýäde iň owadan, iň asylly we iň näzijek gyza

 

“Iň owadan gyz sen!” diýsem,

                                                   tisginip,

                                                                   süýşýäň,

Mylaýymja sesiň jogap bermän, eglenýär.

“Iň asyl gyz sen” diýemde,

                                             gaşlarňy çytýaň,

Eýjejik ýüz aşak bakýar—gizlenýär...

 

 

“Dogry sözlüniň dosty ýok” diýýärler welin,

Eger ýalan sözlän bolsam, ynanarmydyň?

A:ý gelin!

Älemde saňa ýok taý gelin!—

Diýip, çyny ýaýanyma  gynanarmydyň?      

               iýul 2020 ý.

 

 

*****

 

“Iň asylly gyz”, diýemde—jogap ýok.

“Iň owadan” diýsem, gaşlar çytyldy.

Ýerliksiz gürledim...

Batdym iňkise:

Aşjak ýolum wagtyndan öň ýapyldy.

 

Telefon biperwaý meniň halyma,

(Hatlar hem okalman bozulýar öýdýän).

Aýlaýan nomerňi sesiňi küýsäp,

Aýňalýan.

Oýlanýan.

Yza dolanýan.

 

Ýene bir topar söz diňlenmän galar,

Onuň sebäbine düşünýärin men:

Ýigrim bäşiň “näzijegi” bolsaň-da,

Kä kişiň gözüne entek çaga sen.

 

Ol sözleri tekrarlaryn ýigrim ýyl,

Söýlärin içimden, daşa çykarma:n.

Her minutda altmyş gezek ýatlaryn,

Ger, ýüregim urup dursa säginmän.

 

               iýul 2020 ý.

 

*****

 

Seniň ismiň sena edip dilimde,

Uka gidýän soňky pikirim bilen.

Ilkinji pikirim ýene sen hakda,

Oýanyp ir säher, şükürim bilen.

               iýul 2020 ý.

 

*****

 

Kalbyma sünjülen yşkyň peýkamy,

dygysyz syhlap dur ýiti tygyny.

Çalýan ýaly mährem söýgi mukamyn

hem möhrüni basyp ýara yzyna.

 

Muňa ne melhem bar,

                                      ne-de tebip bar;

maslahat berjek ýok,

                                    hem-de hemaýat;

ne-hä gynanýan bar,

                                   ne-de görip bar.

Bu dertde wyždan ýok,

                                       ýok onda uýat.

 

Tikeni iňňe bilen sogurýarlar,

ýara dömüp, gaýra üzülmez ýaly.

Özge bir magşuga aşyk bolýarlar,

ýürek gam-gussadan sozulmaz ýaly.

 

Seň peýkamyň ykjam otyr ýürekde,

indi maňa täze hanjar derkar däl.

Ony baky götererin gursakda.

Sen—magşugym, ýatdyr maňa özge ýar.

               iýul 2020 ý.

 

Degişme äheňde

 

Bir bakyşda  meni dyza çökerdiň—

söýginiň permany örän zor eken.

Haçjasyz, nogtasyz, ýüpsüz kökerdiň—

Älemde şeýle geň güýç hem bar eken.

 

Boýnum burulmaz hiç, çöksem-de dyza,

Bu babatda entek men juda gedem.

Ýöne aşyk bolsaň owadan gyza,

Erkiň gidýär, aklyňam ýitýär eken.

 

Garaşaryn seniň soňky hökmüňe.

Dag ýarmalam bolsa men mydam taýyn.

Bu sözleri diýerinmi erkime,

Hürsekläp durmasa yşkym her daýym.

               iýul 2020 ý.

 

 

Ýadygärlik sowgatjyk ikimiz

 

Aramyza dil düşdümi, ýa-da göz,

Ýadygär sowgadymy kabul etmediň.

Gowşurjak bolamda, bolupdyň boz-ýaz,

Bu ýagdaýy duýup, öte geçmedim.

 

Ne erjellik etdim, ne-de dyzadym,

Hem ne gyzardym men, ne-de gyzdym men.

Kän garaşdym, umydymy üzmedim,

Garaşdyk ikimiz şu günlere çen.

 

Indi bolsa, mahal-mahal ikimiz,

Ýatlaýas mylaýym, näzijek sesiň.

Ýene bir gün duşuşaýsak üçümiz,

Kabul et sowgadyň, mende durmasyn.

 

iýul 2020 ý.

             Kakajan Balkanow                                         

 

Atsyz goşgy

 

Hol bir baýak, köpçülikde bir kişi,

Agyr söz atypdy sakgaldaşyna.

Ýaşuly jogapsyz, gaharyn ýuwdup,

Alarlyp seretdi garşydaşyna.

 

Hemmeler dymýar: kim mamla, kim nähak?

...Dargady jemagat uzak eglenmän...

Emma, “şarpyga” mert duran goja

Agyr degdi dyman da:şy mähelläň.

 

2020 ý.

 

Ýetginjek gyz

Sepeläp dur akja unun çal asman,

Çagalar şadyýan zyňyşýarlar gar,

Ýetginjek gyz nazaryny aýyrman,

Bug tutan aýnadan howla seredýär.

 

Hukugy ýok ylgamaga, bökmäge:

ejesiniň sargydyna ol boýun.

Ir başlapdyr bukjasyny tikmäge,

Gurjakgoş ýygnaldy, goýuldy oýun.

 

Ol indi ulugyz—saçy örülgi,

Gar ýaly päkize, hiç bir ýazyksyz.

Bolsa-da durşuna “akylyň öýi”,

Käýýelipdi daş çykanda ýaglyksyz.

 

Aýnaň ýüzün örtýär gyrawlaýan buz,

Çagalaň gülkisem barha daşlaşýar.

Juwanlygyň çygryn gedän ulugyz,

Çagalygy bilen baky hoşlaşýar.

(Indi oňa joşgun ýaşlyk garaşýar).

 

Bugly aýna süýem barmagy bilen,

Ýüregniň şekilni çekýär sünnäläp,

Soňra peýkam atýar dyrnagy bilen—

Köşeşdirýär näzik kalbyn huwwalap.

 

2020 ý

 

 Kakajan Balkanow

 

 

Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!