16+

Скоро день рождения

okuznetsov
13 Июн  (41)
kiriproh
13 Июн  (35)
Маргарита Василев...
13 Июн  (23)
Чужая
14 Июн
Whiskey
15 Июн  (67)
skeele
15 Июн  (47)
manu11
15 Июн  (44)
levious
15 Июн  (41)

Лента новостей RSS

RSS-материал
Последняя новость    С Новым Годом, Стихослов!

МЫ ВАМ РАДЫ!

Очень хочется почитать Ваши стихи и высказать о них мнение. Пожалуйста,
добавьте стих
Хочется пообщаться в блоге и почитать Ваши мысли, пожалуйста,
Или добавьте запись в блоге
Будем рады, если Вы напишете пару комментариев на стихи на сайте.
Вам всего лишь нужно зарегистрироваться
(логин-email-пароль)

Söýgi hakda

Автор:
Какаджан Балканов

0

   Чем чаще Вы делитесь стихами в соцсетях и блогах, тем больше Вас читают!

 



 

 

 

“Söýgülim”, “ezizim”, “janym”, sözlerden

Monjuk düzüp señ boýnuñdan asaýyn.

Gorar ýaly seni ýaman gözlerden,

Ýüregimi şol monjuga dakaýyn

 

“Aý, munyña meñzänogam merjene”,

Diýip, her gün goýma meni azara

Hem çalyşjak bolup altyn zynjyra

Bahasyz monjugñy salama bazara

 

02 Oktýabr  1996

Mary

 

Men seni gabanýan.

Men seni gabanýan  ýyljak şemaldan,

Ynanamok olaýym mährine—

Tüweleýe öwrülip ol duýdansyz

Alyp gaçar ol seni öz şährine.

 

Men seni gabanýan.

Men seni gabanýan tomsuñ ýagşyndan—

Çagba seniñ ýüpek köýnegñi ezer.

Garaşylmadyk, kelpez, gopbamsy ýagyş

Terje mämelerñi aýdýñ görkezer.

 

Men seni gabanýan.

Men seni gabanýan özüm-özümden;

(Göwnüme) meñ söýgim señ üçin göýdük.

Men ruhdan düşýän, alñasaýan, at salýan,

Gorkýan seni elden gidererin öýdüp.

 

02 Oktýabr  1996

Mary

***

 

 Dünýäde meñ iñ eýjejik gurjagym,

 Erkim ýetmez sypamaga, söýmäge,

Milt etmerin seni ýerde goýmaga

Mydam öýüñ bolsun meniñ gujagym.

 

Düñýäde meñ iñ näzijek gurjagym,

Bir ýürekde ýerleşermi ikisi?

Sen bolardyñ meñ öýümiñ bikesi

Başda boş bolanda meniñ ojagym.

 

Dünýäde meñ iñ akylly gurjagym

“Utanç” sözün öz deñimden geçirdim

Señ ugruñda men aklymy ýitirdim

Gaýgy-hasrat iñ soñunda boljagym.

Dekabr  1995

Mary

***

Dünýäde meñ iñ eýjejik keýigim!

Pendi çöli birden saña dar bolsa,

Meniñ sözüm saña ygtyýar bolsa,

Saña köşkdür meniñ çäksiz ýüregim.

 

Düñýäde meñ iñ owadan bilbilim!

Üç ýyl indi eşidemok owazyñ.

Sensiz güllemeýär miweli bagym,

Bagym guramanka uçup gelginiñ!

 

Dünýäde meñ iñ näzijek bägülim!

Ary bolup ballaryñy soraýyn

Hem-de ýaman gözden, dilden goraýyn

Gözelleriñ gözelini Älemiñ.

Fewral  1997

Mary

 

 

Muhammede neñzetdik,

Görogla deñedik,

hem

“Atamyzyñ ornuna sen hossar” diýdik,

Bükülip salam bermegi biraz soña goýduk.

Fewral  1996

Mary

 

***

 

 

Bedew bolup gelerin señ ýanyña

Ýyrtsa-da toýnagymy Pendiñ çägesi

Alyp giderin Söýgiñ ummanyna

Seni—saryk gyzlarynyñ lälesin.

 

Bürgüt kimin ganatlarymy gerip,

(Ýaksyn meni) seni Günden goraryn.

Men deý söýgiden ýanyp soñ köýüp

Gün başararmyka? Hökman soragyn!

 

Altyn balyk bolup Murgap derýada

Men akyma garşy bararyn ýüzüp.

“Bagtly bol gülüm!”—diýip,hiç kim görmänkä

Näzik barmagyña dakaryn ýüzük.

 

  Fewral  1997

Mary

 

***

 

Geçen hepde goýdum saña girewe

Çalt-çalt urýan howsalaly ýuregmi.

Çat açdymy, ýaryldymy?—Habar ýok.

Öñküje durşumy, ýa indi sagmy?

 

Bilýän onuñ saña azar bolanny:

“Düñk-düñk” edip, gijelerne ýatyrman,

Saña şöýgi hakda aýdym aýdandyr,

Hiç kimden çekinmän hem-de ýaşyrman.

 

Dostlaşan bolsañyz goý sende dursun!

Belki melhem bolar seniñ jemalyñ

Käwagt iberseñ bor görme-görüşe

Sorar ýaly entek barmyka janym.

 

Eger hemişelik yzyna berseñ,

Bas möhrüñi iñ görünýän ýerinden—

Görsünler keşbiñi, göz ýetirsinler

Ýeke-täkdigiñi Ýeriñ ýüzünde.

 

Gaýybana aşyk bolsun ýigitler,

Gyzlar nusga alsyn seniñ mähriñden

Söýülse, söýülmese-de, şonda-da

Ýüregim razydyr meniñ Mährimden

05 mart  1997

 

 

Gül we söýgi hakda ballada

 

Ir bilen aýlanyp ýörkäm bazarda,

gül satylýan ýerden geçmeli boldum,

(şu goşgymam gül we gyzlar barada),

bir owadan güli elime aldym.

 

Soradym bahasyn mahaml bägüliñ.

Gsatýan Gözel gyz diýdi, ýylgyryp:

“Alaý, sen şol güli, gerek däl puluñ!

Bolmasa ýeek özi galjak süllerip,

 

ýöne bergin söýgüli gyzyña!”

“Bererdim welin, ol meni söýenok”

“Onda bar-da gowşur öz aýalyña.”

“Aýalym mugt zadyñ gadryn bilenok.

 

Gül gowşursam gülüñ bahasyn sorar,

Ynanmaz ol maña mugt düşdi diýsem.

Bizde gowy işgär—medsestra gyz bar,

nähili görerkä şoña gowşursam?!”

 

Gül satýan gyz onuñ adyn sorady.

“Miwe”—diýip, menem berdim jogabyn.

  “Owadanmy?’—diýip, gülüp, garady.

“Aý kemsiner gorse onuñ jemalyn,

 

almany deñ bölen ýaly ikiñiz”.

(Alam deý gyzardy ap-akja ýañak)

“Çalt gyssanmasañyz solýar gülüñiz,

süllerip başlapdyr, terjedi ýañam”

 

Sülleren bägüliñ egildi başy,

Ýapragyna gaçdy ýekeje damja.

Bägüliñ arassa, syrly gözýaşy

goýdy meni agyr alada, ünjä.

 

Meger oñ ömrüniñ gelendir soñy?

Ýa-da…ýolugandyr agyr kesele.

Ýok, ýok! Yşkyñ ody örteýar ony:

haýsy gyz üçin?—Bu kyn mesele…

 

Gül Gözeli söýse Miwe ynjajak.

Tersine edäýse, aglajak Gözel.

Ikisine birden dar bolýar gujak.

…Gözel söýülýänini duýmandyr ozal.

 

Eýesiz bägüli Miwä gowşurdym.

Bägüliñ tenine girdi täze güýç.

Bu gudrata oýlanyp köp wagt durdym

Hem ynandym Söýgiñ ýitmeýanine hiç

 

Fewral  1997

Mary

Gülälek üçin gazal

 

Dünýäde iñ gowy kär name?

—Gül satmak

Gül gowşurmagy inkärleýän—

Akmak.

 

Men saña bererdim her gün bir desse,

Mylaýym ýylgyrşyñ üçin—üç esse.

 

Ýöne sen zyýada hemme güllerden

Sen ýaly gül ýokdur çölde, düzlerde.

 

Mynasyp sen söýülmäge, söýmäge

Ýa bilbiliñ ýokmy seni öwmäge?

 

Köpdür. Ýöne dürli ýerlerden gelip,

Ýene yza gidýändirler dolanyp.

 

Sebäbi mümkin däl saýgarar ýaly:

Gülleñ içinde sen bir gujak bägül.

 

Gorkym köp—birden-kä, biri, kimde-kim

Gülsün öýdüp alyp gaçmagy mümkin.

Fewral  1997

 

  1.  

Muhammede meñzetdik,

Görogla deñedik,

“Atamyzyñ ýerine sen hossar” diýdik.

…Bükülip salam bermegi biraz soñraga goýduk.

Dekabr 1996

 

 

 

 

***

 

Meñ duýgulam deñiz tolkunlary deý—  

Señ ýüregiñ kenaryna çyrpynýar.

Belli jogap alman sarsmaz ýürekden

Çaga ýaly ýene öñe yñdyrylýar.

 

Kenardaky akja guşlar pel-pelläp,

Tolkunlañ gerşine gonaýjak bolýar

Deñiziñ oýnuna biraz galpyldap,

Ganatlaryn gerip, asmana galýar.

 

Çarlak guşlar! Bikäñize aýdyñ siz—

Deñiz şorlugyndan aýñaldy birwagt,

Ýöne tukat geçýär wagty aýdymsyz

Hem kenardan owaz gelmese herwagt.

 

Bäs gelip bilmeýär asuda kalbym

Güýjände söýgüniñ apy-tupany.

Diýsinler, hamala, sen misli salgym

Meñ gözlermi örtmez kişiñ dumany.

08 mart 1999 ý.

 

Bir gyzyň doglan güni aýdylan tost

 

 

Men şu tosty aýtjak seň ejeň hakda,

Şeýle gözel gyzy dograny ýçin;

Tämizligi hem-de asyllylygy.

Arassa süýdüne ýugrany üçin.

 

Men şu gün kakaňy gutlasym gelýär,

Belki begenjine goşandym bolar.

“Gyzyň boldy buşluk!” —diýmejegime

Onuň birazajyk gaharam geler.

 

Men şu gün agaňy gelýär göresim

Hem aýdasym gelýär sen hakda hoş söz.

Belki biziň pikirimiz deňräk bardyr

Bolmawersin meňki ýöne bir boş söz.

 

Meň şu gün özüme nebsim agyrýar, —

Şeýle jeren gyzy öň görmänime,,

Ah çekýän, gaharlanýan, şükür edýän:

“Diňe sen!”—diýip, däliremänime.

Aprel 1996 ý.

 

 

 

Категоризация
Размер: 
Стихотворение
Направление: 
О любви
Жанр: 
Лирика
Статистика
Просмотрено гостями: 
0
Просмотрено пользователями: 
0




Нравится



StihoSlov чат

Необходимо зарегистрироваться и авторизоваться для того, чтобы отправлять сообщения в чат!

Нравится StihoSlov? Щелкай Like!